Download Print this page

Buglamazdan Blenderlemek - Philips AVENT SCF870 Manual

Hide thumbs Also See for AVENT SCF870:

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
6
Enjamy tokdan aýryň.
7
Pyçak toplumyny aýryň. Pyçak toplumy aýranyňyzda seresap boluň, ol gyzgyn
bolup biler. Blenderlenen iýmitleri bankadan aýryň. Zerur bolsa, enjamyň ýany
bilen gelen spatulany ulanyň.
Bäbegiň iýmitiniň bäbegiňiz üçin howpsuz temperaturadadygyna göz ýetiriň.
8
Adaty şertlerde, buglaýyşdan soň suw gabynda hiç hili suw galmaýar. Muňa
garamazdan, käbir ýagdaýlarda (meselem, suw gabynyň içinde galyndy emele
gelen bolsa, buglaýyş prosesinde päsgelçilik dörän bolsa ýa-da maksadalaýyk
ulanylmadyk bolsa), suw gabynda käbir mukdarda suw galyp biler. Şeýle
ýagdaýda, bakteriýalaryň ösmeginiň öňüni almak üçin ulanyşdan soň dessine suw
gabyny doly arassalaň. Suw gabynyň kesmegini aýyrmak üçin «Arassalamak we
abatlamak» bölümine serediň.

Buglamazdan blenderlemek

Enjam şu aşakdaky maksatlar üçin niýetlenilýär:
çaga iýmiti üçin ýuglanan we bişirilen azyk önümlerini pýure etmek
çaga içgileri üçin miweleri we suwuklyklary garmak
Enjam buz bölekleri we gant ýaly gaty azyk önümlerini dogramaga niýetlenilmeýär.
Golça suw guýanyňyzdan soň hiç haçan golçany buglaýyş ýagdaýynda goýmaň.
Bellik: Suwuklyklary garanyňyzda golçany golçadaky aňryçäk derejäni görkezijiden
artykmaç doldurmandygyňyza göz ýetiriň.
Bellik: Blenderden geçireniňizden soň çaga iýmiti hiç haçan buglamaň.
1
Pyçak toplumyny golçadaky pyçak toplumyny tutuja ýerleşdiriň.
2
Gaty azyk önümlerini golça salmazdan ozal kesip, kiçi böleklere (2–3 santimetrden
uly bolmadyk kublara) bölüň.
Maslahat: Gaty ingredientleriň köp mukdaryny bir wagtda işlemäň. Eýsem, has inçe
netijeleri gazanmak üçin bu ingredientleri kiçi görnüşde işläň.
3
Azyk önümlerini golça ýerleşdiriň.
Bellik: Azyk önümlerini ýaşyl pyçak toplumynyň ýokarky eňreginden ýokary geçirmäň.
- Türkmençe 228 -

Hide quick links:

Advertisement

loading

This manual is also suitable for:

Avent scf870/20