Download Print this page

Philips AVENT SCF883 Manual page 297

Hide thumbs Also See for AVENT SCF883:

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
- Buglamak ýerine ýetirilýärkä ýa-da buglamak ýerine
ýetirileninden soň enjam gyzgyn bolýar (esasanam, şu nyşan
" " bar bolan ýüzleri) we olara degilse, ýanyklara sebäp
bolup bilýär. Golçany diňe tutawajyndan tutmak arkaly ýokary
galdyryň.
- Buglamak ýerine ýetirilýärkä we gapagy aýrylanynda golçadan
gyzgyn bug çykýar.
- Gapagyny açanyňyzda suw gabyndan çykýan gyzgyn bugdan
ägä boluň.
- Buglamak döwri tamamlananda suw gabynyň gapagyndaky
bug çykalgasyndan we golçadaky bug çykýan deşikden gyzgyn
buguň çykmagy biraz wagt dowam edýär. Golçany esasy
enjamdan aýranyňyzda seresap boluň.
- Enjam nädogry ulanylsa, suw gabynyň gapagynyň gyrasyndan
gyzgyn bug çykyp biler. Munuň öňüni almak ýa-da ony çözmek
üçin "Näsazlyklary anyklamak we çözmek" bölümine göz
aýlaň.
- Golçanyň içine gyzgyn suwuklygy guýanyňyzda has hem ägä
boluň, sebäbi suwuklyk syçrap biler.
- Iýmiti şu enjam bilen ýylatmak ýa-da olaryň buzuny eretmek
isleseňiz, hemişe deslapdan taýýarlanan iýmiti pitä salyň.
- Şu enjamy gaty we ýelmeşýän azyk önümlerini dogramak üçin
ulanmaň.
- Enjamda hiç haçan agardyjy ýa-da himiki sterilizasiýa
erginlerini/gerdejiklerini ulanmaň.
- Enjamy arassalamak üçin hiç haçan gazawlary, iýiji arassaçylyk
serişdelerini ýa-da benzin, aseton ýa-da spirt ýaly güýçli
suwuklyklary ulanmaň.
- Bir buglamak döwründen soň gaýtadan buglap başlamazdan
ozal elmydama enjamyň 10 minutlap sowamagyna maý beriň.
- Enjamyň bir gezekde 30 sekuntdan köp işlemegine ýol
bermäň. Eger garmak işi 30 sekuntda tamamlanmadyk
bolsa, garmagy saklamak üçin düwmäni goýberiň we
dowam etmezden ozal birnäçe sekunt garaşyň. Eger esasy
bölüm gyzsa, dowam etmezden ozal onuň birnäçe minut
sowamagyna maý beriň.
- Türkmençe 295 -

Advertisement

loading

This manual is also suitable for:

Avent scf885