Çagaňyzy Iýmitlendirmek Üçin Çüýşe Ýyladyjyny Ulanmak - Philips AVENT SCF355 User Manual

Hide thumbs Also See for AVENT SCF355:
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
Bellik
• Görkezilen ýyladyş wagtlary Philips Avent Natural we Classic + polipropilen çüýşelerine esaslanýar.
AirFree agyzlary bilan Philips Avent Anti-colic polipropilen çüýşeleri we Natural aýna çüýşeleri
ýyladyş wagtlarynyň bu görkezilenlerden tapawutlanýandygyny ýadyňyzda saklaň. Çüýşäniň
görnüşinden we materialyndan başga-da, galyňlygy ýaly aýratynlyklary hem ýyladyş wagtyna täsir
edýär. Şol sebäpli, has köp süýdi ýylatmak has az wagt alyp biler.
• Süýt siziň üçin sowuk ýaly bolup biler, emma ol täze doglan bäbek üçin örän ýakymlydyr.
Çagaňyzy iýmitlendirmek üçin çüýşe ýyladyjyny ulanmak
1
Öňki bapda görkezilýän şol bir ädimleri berjaý ediň.
2
Çaganyň iýmitini ýyladýan wagtyňyz ony garyp durmagy ýadyňyzdan çykarmaň,
sebäbi ol awtomatik usulda aýlanmaýar. Garýan wagtyňyz gaby/golçany
tutanyňyzda barmaklaryňyzy ýakmazlyk üçin seresap boluň.
Bäbek iýmiti ýyladylansoň, çemçe bilen onuň gaty gyzgyn däldigini barlaň. Eger bäbek
iýmiti ýeterlik ýyly däl bolsa, gaby çüýşe ýyladyja yzyna goýuň we bäbek iýmitini gerekli
temperatura çenli ýyladyň.
Bellik
• Bäbek iýmitinde köp dürli konsistensiýalar bardygy sebäpli, optimal netije almak üçin bäbek
iýmitini ýyladýarkaňyz ony yzygiderli bulap we barlap durmagyňyz pugta maslahat berilýär.
• Bäbek iýmitinde köp dürli konsistensiýalar bardygy sebäpli, bäbek iýmiti üçin ýyladyş wagtlaryny
görkezmek mümkin däl.
- Türkmençe 147 -

Hide quick links:

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Scf355/07

Table of Contents