Türkmençe - Philips PSG7030/20 User Manual

Hide thumbs Also See for PSG7030/20:
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 5
Enjamy ulanmak
OptimalTEMP tehnologiýasy
Duýduryş: Ütüklenmäge degişli däl matalary ütüklemäň.
OptimalTEMP tehnologiýasy ütügiň temperaturasyny düzmezden we geýimleri sortlamazdan islendik
görnüşli matalary islendik tertipde ütüklemäge mümkinçilik berýär.
Ütügiň dabany gyzgyn wagty ony ütük tagtasynyň üstünde goýmak howpsuz bolup durýar (Şekil 6), ütügiň
platformasyna ýerleşdirmek zerur bolmaýar. Şeýle etmeklik siziň bilegiňize düşýän agramy azaltmaga
ýardam berýär.
-
Şu nyşanlar bar bolan matalar (Şekil 7), mysal üçin, çit, pagta, polýester, ýüpek, ýüň, wiskoza we emeli
ýüpek, ütükläp bolýar.
-
Şu nyşany bar bolan matalary (Şekil 8) ütükläp bolmaýar. Bu matalara spandeks ýa-da elastan, spandeks
goşulan matalar we polioefirler ýaly sintetik matalar (mysal üçin, polipropilen) degişli. Geýimlere çap
edilen zatlary hem ütüklemek bolmaýar.
Ütüklemek
1 Bug öndürijini durnukly we tekiz üstde ýerleşdiriň.
Bellik: Howpsuz ütüklemegi üpjün etmek üçin enjamyň esasyny elmydama durnukly, tagtasynyň ölçegi
bug öndürijilere laýyk gelýän ütük tagtasynda goýmak maslahat berilýär.
2 Suw gabynda ýeterlik suwuň bardygyny anyklaň ("Suw gabyny doldurmak" bölümine serediň).
3 Elektrik dürtgüjini topraga çatylan elektrik rozetkasyna dakyň we bug öndürijini açmak üçin açýan/
öçürýän düwmä basyň. Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra birsyhly ýanýança garaşyň (Şekil 9). Bu
takmynan 2 minut wagt alýar.
4 Bug üpjünçilik şlangasyny bug üpjünçilik şlangasy saklanýan bölümden çykaryň.
5 Ütügi onuň platformasyndan aýyrmak üçin göterileninde gulpy ýazdyrýan düwmäni basyň (Şekil 10).
6 Bug berip başlamak üçin bug goýberiji düwmäni basyp saklaň (Şekil 11).
Bellik: Birinji gezek ulanylanynda buguň çykyp başlamagy üçin bug goýberiji düwmäni 30 sekunda çenli
dowamly basyp saklaň. Ütük uzak wagtlap ulanylmadyk bolsa, ol has köp wagt alyp biler.
7 Ütüklemekde iň oňat netijeleri gazanmak üçin bug bilen ütükläniňizden soň ütügi birnäçe gezek bugsuz
degriň.
MAX sazlamasy
Has çalt ütüklemek we has köp mukdarda bug çykarmak üçin MAX sazlamasyny ulanyp bilersiňiz.
1 Çyrasy ak reňkde ýanýança açýan/öçürýän düwmäni 5 sekuntlap basyp saklaň.
2 Enjamyňyz energiýany tygşytlamak üçin 15 sekuntdan soň awtomatik usulda adaty iş tertibine gaýdyp
barýar.
3 Bolmasa, islendik wagt adaty bug tertibine geçirmek üçin çyra gaýtadan gök ýanýança açýan/öçürýän
düwmäni 2 sekuntlap basyp saklaň.
Güýçli bug funksiýasy
Güýçli bug funksiýasy aýrylmasy kyn ýygyrtlary düzetmäge ýardam bermek üçin niýetlenilýär.
-
Güýçli bug funksiýasyny işjeňleşdirmek üçin bug goýberiji düwmä çaltlyk bilen iki gezek basyň. Enjam 3
gezek güýçli bug çykarýar.
-
Güýçli bug funksiýasyny duruzmak üçin bug goýberijini bir gezek basyň.
Dikligine ütüklemek
Duýduryş: Ütükden gyzgyn bug çykýar. Hiç haçan biriniň geýip ýören geýimindäki ýygyrtlary aýyrmaga
synanyşmaň (Şekil 12). Özüňiziň ýa-da başgasynyň eliniň golaýynda enjamdan bug çykartmaň.
Türkmençe
137

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Perfectcare 7000 seriesPsg7014

Table of Contents